Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary, ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2027-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksatlaryna gönükdirilip, Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmegiň meýilnamasyny belleýär.
