Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki we hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär, ylmy-tehniki özgertmeler hem-de iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Golaýda tassyklanan pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynda elektron resminamalary alyşmak boýunça ylalaşyk hem-de degişli şertnama bu hakykatyň beýany boldy. Bu barada Türkmenistanyň Argatnaşyk ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Köpugurly sanly gurşawy döretmegiň çäklerinde:
Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynda elektron resminamalary pudagara alyşmak hakynda Birkysmy ylalaşyk;
Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň operatory bilen Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň gatnaşyjysynyň arasyndaky Birkysmy şertnama tassyklandy.
Degişli resminamalar Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibiniň talaplaryny, şeýle hem bu ulgam arkaly elektron resminamalary alyşmagyň, şol sanda elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynyň arasynda resminama we maglumat alyşmalaryny amala aşyrmagyň umumy ýörelgelerini kesgitleýär.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň garamagyndaky «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň operatory hökmünde çykyş edýär.