Ýurdumyzda sarp edilýän tebigy gaz üçin elektron ha saplaşyk ulgamyny ýola goýmak maksady bilen, sanly ulgam boýunça «Türkmengazüpjünçilik» birleşigi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Häzirki wagtda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň merkezi edara binasynda «Ynamly Belentlik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Hasabat merkezi» serwer ulgamy döredilip, «Aşgabatgaz» we welaýat gaz üpjünçilik müdirlikleriniň merkezlerinde internet toruna birikdirildi.
Şunlukda, ýurdumyzyň çägindäki tebigy gazy sarp edýän müşderiler indi sanly ulgam boýunça web sahypasy arkaly terminallaryň üsti bilen hem-de smart telefonyň «Milli paý» töleg programmasyndan peýdalanyp, sarp edilen tebigy gazyň töleglerini hasaplaşyp bilerler.