Türkmen hirurglary Germaniýadan çagyrylan hünärmen bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji gezek selektiw dorsal rizotomiýa — çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly neýrohirurgiki operasiýany üstünlikli geçirdiler.
Olar «Çaga beýni ysmazy (ÇBY), spastik tetraparez» derdi bolan 10 ýaşly çagany Aşgabat şäherindäki Şikesleri bejeriş halkara merkezinde operasiýa etdiler. Lukmanlar operasiýanyň üstünlikli tamamlandygyny we çaganyň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny bellediler.
Rizotomiýa myşsalaryň dartgynlygyny azaltmaga we hassalaryň hereket mümkinçiliklerini ep-esli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu usulyň Türkmenistandaky lukmançylyk tejribesine ornaşdyrylmagy halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde mümkin boldy.
Operasiýany amala aşyran hirurglar toparynyň düzümine Germaniýadan gelen professor Bronek Maksimilian Boşik hem gatnaşdy. Ol diňe bir operasiýa gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli hünärmenler bilen maslahatlary, näsaglary barlagdan geçirmäge we tejribe alyşmaga, şeýle hem öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna öz goşandyny goşdy.
Ilkinji selektiw dorsal rizotomiýanyň geçirilmegi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynda möhüm ädim boldy. Agyr keselli çagalaryň operasiýa bejergileri we saglyk ýagdaýlarynyň dikeldilmegi, geljekki nesliň saglygyny goramak işleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yzygiderli goldanylýar.

