Türkmenistanda zenan telekeçiligi boýunça okuw maksatnamasyny tamamlanlara şahadatnamalar gowşuryldy

MilliInfo

 Türkmenistanda zenanlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmek boýunça okuwlar geçirildi. «Türkmenistandaky zähmet bazarynyň hususy pudagynda zenanlaryň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak» atly maksatnama Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri» jemgyýetçilik birleşiginiň usulyýet kömegi bilen guraldy.

Okuwlar awgust aýynda Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirildi. Dürli dalaşgärleriň arasynda saýlanyp alnan 40-a golaý zenan bu okuwa mugt gatnaşmaga hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldylar.

Maksatnama häzirki zaman işewürliginiň möhüm ugurlaryny öz içine aldy:

  • işewürlik meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy we maliýe meýilleşdirmesi,

  • telekeçiligiň hukuk esaslary,

  • işewürlik etikasynyň we aragatnaşyk başarnyklarynyň ösdürilmegi,

  • innowasion tehnologiýalaryň we emeli aňyň ulanylyşy,

  • telekeçilik işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we sosial ulgamlarda öňe sürmek.

Okuw sapaklaryny sertifikatly tälimçiler we tejribeli hünärmenler alyp bardy. Bu okuw gatnaşyjylara diňe bir nazary bilimleri öwrenmäge däl, eýsem, üstünlikli telekeçiligi alyp barmak üçin hem zerur amaly başarnyklary ösdürmäge mümkinçilik döretdi.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, maksatnama ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alýar hem-de hususy pudakda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek isleýän zenanlara goldaw bermäge gönükdirilendir. Geljekde hem şeýle başlangyçlaryň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo