Türkmen milli konserwatoriýasynda Dmitriý Şostakowiçiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler

MilliInfo

51 minut öň

Türkmen milli konserwatoriýasynda Dmitriý Şostakowiçiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasy XX asyryň beýik kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan ýatlama aýdym-saz agşamyny guraýar. Dabara 14-nji noýabrda sagat 18:30-da Konserwatoriýanyň Uly zalynyň sahnasynda geçiriler.

Akademiki sungaty söýüjiler üçin ýurduň meşhur sazandalarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baý ýerine ýetirijilik maksatnamasy taýýarlanyldy. Baýramçylyk konsertine Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri gatnaşar. Ýekelikdäki we ansambl çykyşlaryny Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa (soprano), Türkmenistanyň at gazanan artistleri Wladimir Mkrtumow (fortepiano) we Aýna Seýitgulyýewa (soprano), halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa (fortepiano), şeýle hem halkara bäsleşikleriň ýeňijileri Enejan Nuryýewa (fortepiano) we Seýran Atanyýazow (skripka) ýerine ýetirerler. Mundan başga-da, Emir Baýramgeldiýew (fleýta), Jemal Tahyrowa (skripka) we Amannazar Arslanow (fortepiano) sahna çykar.

Agşamyň guramaçylary nusgawy aýdym-sazyň ähli muşdaklaryny Şostakowiçiň beýik saz mirasyny diňlemäge çagyrýarlar. Konserte ähli isleg bildirýänler baryp bilerler.

Giriş — tölegsiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info