Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2026-njy ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy jogapkär ýerine ýetiriji hökmünde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy geçirildi.
Toplumlaýyn türgenleşik okuwynyň maksady Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirilmeli hereketleri aýdyňlaşdyrmakdan, Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň özara sazlaşykly hereketleriniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini gazanmakdan ybarat boldy. Şeýle hem ol Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda çekiljek güýçleri we serişdeleri takyklamak hem-de olaryň herketleriniň galjaňlygyny gazanmakda, toplumlaýyn türgenleşik okuwyna gatnaşýan Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň özara bilelikdäki sazlaşykly hereketlerini kämilleşdirmekde ähmiýetlidir.
Toplumlaýyn türgenleşik okuwy üç tapgyrda geçirildi. Şeýlelikde, degişli düzümleriň Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirmeli hereketleri anyklamak we çözgütleri kabul etmek boýunça taýýardygy tassyklanyldy.
