Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ÝB-niň «Ýewropa gözýetimi» maksatnamasy boýunça çäre geçirildi

MilliInfo

16 sagat öň

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň barlaglaryny we innowasiýalaryny maliýeleşdirmek boýunça «Ýewropa gözýetimi» (Horizon Europe) maksatnamasyna bagyşlanan maglumat beriş sessiýasy guraldy.

Duşuşyk Ýewropa Komissiýasynyň «Global Service Facility» (GSF) edarasynyň wekili Kseniýa Sawçenkonyň gatnaşmagynda geçirilip, ol diňleýjilere «Ýewropa gözýetimi» maksatnamasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalary we çäreleri barada giňişleýin hem-de jikme-jik syn hödürledi.

Bilermeniň gatnaşmagyndaky çäre ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň ÝB-niň maksatnamasynyň gurluşy, ylmy barlaglary we innowasiýalary maliýeleşdirmek mümkinçilikleri, ýurdumyzyň bu maksatnama gatnaşmagy, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň alymlary we innowasiýalar bilen meşgullanýan hünärmenleri üçin şertler hem-de düzgünler baradaky bilimlerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Sessiýanyň ahyrynda tema boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy we ÝB-niň maksatnamasynyň wekili gatnaşyjylary gyzyklandyrýan ähli sowallara jogap berdi.

«Ýewropa gözýetimi» (Horizon Europe) maksatnamasy howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, energetika, saglygy goraýyş we ÝB-niň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ýaly ählumumy wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Maksatnama agzalan ugurlar boýunça barlaglary we innowasiýalary goldamak üçin maýa goýumlaryny göz öňünde tutýar hem-de ÝB ýurtlarynyň, oňa birigen gatnaşyjy döwletleriň, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň alymlary we nowatorlary üçin açykdyr.

«Global Service Facility» (GSF) bu maksatnamanyň bir bölegi we hyzmat ediş guraly bolup, ol «Ýewropa gözýetimi» missiýalarynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy goldamaga, maksatnamanyň başlangyçlaryny netijeli ornaşdyrmaga we öňe sürmäge gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info