Türkiýe bikanun gazuw-agtaryş işlerine we taryhy tapyndylaryň bikanun söwdasyna garşy göreş boýunça möhüm ädim ätdi: Manisa prowinsiýasyndaky gadymy Sardy şäheriniň hem-de Lidiýanyň Bin-Tepe depejikleriniň çäginde Howa howpsuzlyk gözegçilik merkezini açdy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu desga indi gijeki görşüň döwrebap ulgamlary bilen üpjün edilen we uly hereket radiusyna eýe bolan uçarmansyz uçarlaryň (dronlaryň) 24 sagatlyk hemişelik gözegçiliginde saklanýar.
Gadymy Sardy (Lidiýa patyşalygynyň paýtagty) we 75 inedördül kilometr meýdany eýeleýän, 120-den gowrak mazar depesini öz içine alýan patyşa nekropoly bolan Bin-Tepe 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdi.
Howa gözegçilik merkezi Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý tarapyndan dabaraly ýagdaýda açyldy. Taslamanyň baş maksady bikanun gazuw-agtaryşlary we taryhy hazyna gözlegçileriniň synanyşyklaryny heniz başlanmanka, öňünden ýüze çykaryp, togtatmakdan ybaratdyr.
Toplum gije wideo düşürmek ukybyna eýe bolan we uzak wagtlap howada galyp bilýän iki sany uçarmansyz uçar (PUA), antenna ulgamlary hem-de gözegçilik stansiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýlelikde, giň çäklerdäki islendik şübheli hereket baradaky maglumatlar dessine žandarm bölümlerine ugradylýar. Bu synag taslamasy geljekde Türkiýäniň beýleki arheologik ýerlerini goramak üçin hem nusga bolar.
Türkiýäniň medeni mirasy goramak boýunça strategiýasy üç sütün esasynda guralandyr: howplaryň öňüni almak, halkara hyzmatdaşlyk we taryhy gymmatlyklary ýurda gaýtaryp getirmek (repatriasiýa). Ýurt bu ugurda ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Ministr Ersoýyň berýän maglumatlaryna görä, 2002-nji ýyldan bäri bikanun ýagdaýda ýurtdan çykarylan 13 474 sany medeni gymmatlyk Türkiýä gaýtarylyp getirildi, şolaryň 9 159 sanysy bolsa soňky sekiz ýylyň paýyna düşýär. Gaýtarylan gymmatlyklaryň arasynda gadymy Bubondan ogurlanan Mark Awreliniň bürünç heýkeli, Zeýgmanyň mozaikalary, Iznik küýzegärlik önümleri we beýleki gaýtalanmajak taryhy eserler bar.
