Türkiýede Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi açyldy

MilliInfo

8 sagat öň

3-nji noýabrda Stambuldaky Türkiýäniň edebiýatçylar jemgyýetiniň binasynda Türkiýe Respublikasyndaky Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň dabaraly açylyşy geçirildi.

Çäräni Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilelikde gurady. Oňa Türkiýäniň hökümet we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri, tanymal alymlar we ýazyjylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hepdeligiň açylyşynyň çäklerinde Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy we Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaş toýy mynasybetli neşir edilen «Türk dünýäsinde zenan we söz» atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Amangözel Şaguýewanyň döredijiligi häzirki zaman türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Onuň şygryýeti pikirleriň çuňlugy, ýokary çeperçiligi we Watanyna, halkyna hem ruhy gymmatlyklaryň goragçylary hökmünde zenanlara bolan çuňňur söýgüsi bilen tapawutlanýar.

Giriş sözi bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew we Türkmenistanyň Gahrymany hem halk suratkeşi Saragt Babaýew çykyş etdi.

Duşuşykda çykyş edenler Türkiýede Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň geçirilmeginiň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagynyň aýdyň subutnamasydygyny we ähmiýetli çäräniň türki dünýäniň çäginde medeni dialogyň has-da ösmegine goşant goşýandygyny nygtadylar.

***

Şol gün Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan surat sergisi açyldy.

Serginiň açylyş dabarasyna meşhur medeniýet işgärleri, Türkiýäniň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyplar gatnaşdylar.

Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Ankarada we Stambulda türkmen edebiýatyny, sungatyny hem-de medeni mirasyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli medeni çäreler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary geçiriler.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo