Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteri tanyşdyryldy

MilliInfo

10-njy sentýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Duşuşykda saglygy goraýyş, lukmançylyk bilimi, farmasewtika we ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy Arkadag şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň döredilişi we bu klasteriň derman serişdelerini işläp taýýarlamak, dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleri barada habar berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasyny alan «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işi we onuň öndürilýän lukmançylyk önümleriniň dürli görnüşleri tanyşdyryldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň akademik W.Wahidow adyndaky hirurgiýa boýunça ýöriteleşdirilen ylmy-amaly lukmançylyk merkeziniň binasynda Arkadag şäherinde döredilýän iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Özbegistanyň lukmançylyk merkezleriniň ýolbaşçylary we özbek telekeçileri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Bu ýerde Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteriniň derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýalaryny we enjamlaryny işläp taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmegi, bu ugurda döwrebap bilim bermegi, şeýle hem raýatlaryň saglygyny goramak boýunça dünýäniň iň gowy tejribelerini ulanmaga gönükdirilen toplumlaýyn innowasion başlangyçdygy aýratyn bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info