Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramlaryna bagyşlanan çäreler geçirildi

MilliInfo
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramlaryna bagyşlanan çäreler geçirildi

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy hem-de BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Waşingtonda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanyp guralan çärelere işjeň häsiýet mahsus boldy. «Türkmenistan — ABŞ hyzmatdaşlygy: garaşsyzlygy, dostlugy we umumy geljegi dabaralandyrmak» ady bilen geçirilen «tegelek stol» duşuşygynda iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda ýetilen sepgitler, onuň geljekki mümkinçilikleri baradaky çykyşlar diňlenildi.

Ýurdumyzyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň wekili M.Kemeron, dostlukly döwletiň Türkmenistandaky ozalky ilçisi M.Klimow maslahatda eden çykyşlarynda özara gatnaşyklaryň ösüşi, iki ýurduň halkara we köptaraplaýyn meýdançalardaky hyzmatdaşlygy hakynda aýratyn durup geçdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, diplomatik jemgyýetçiligiň, akademiki we seljeriş edaralarynyň, işewür toparlaryň wekilleriniň, ABŞ-da ýaşaýan türkmenleriň işjeň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň çäklerinde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli lybaslar, kitaplardyr beýleki gymmatlyklar görkezilen sergi hem guraldy. Dostlukly küşt ýaryşy, futbol duşuşygy-da täsirliligi bilen tapawutlanyp, ýeňijiler ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info