Waşingtonda «Merkezi Aziýa — ABŞ» biznes forumy geçiriler

MilliInfo

Ertir — 6-njy noýabrda ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň we Kennedi merkeziniň guramagynda Waşingtondaky Kennedi adyndaky ýerine ýetiriş sungatlary merkezinde işewürlik maslahaty geçiriler. Çäre «C5+1» diplomatik formatynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.

Maslahata ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, we Özbegistanyň döwlet hem işewürlik düzümleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns, ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Riçard Grenell we beýlekiler çykyş ederler. Kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky esasy plenar mejlise ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau başlyklyk eder.

Ähmiýetli çäre söwda, maýa goýumlar we bilelikdäki taslamalar boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ABŞ bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin möhüm meýdança bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo