Türkmenistanyň ýaýlym torunda Gazagystanyň «Silk Way» we «Silk Way Cinema» teleýaýlymlary peýda bolar

MilliInfo
Türkmenistanyň ýaýlym torunda Gazagystanyň «Silk Way» we «Silk Way Cinema» teleýaýlymlary peýda bolar

Türkmenistan bilen Gazagystan maglumat giňişligindäki hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar. Media hyzmatdaşlygyny berkitmekde esasy ädim hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji gezek hemişelik hereket edýän bilelikdäki media geňeşi dörediler.

Täze maslahat beriş-utgaşdyryş edarasy hünär tejribesiniň alyş-çalşygyny işjeňleşdirmäge, döwlet teleýaýlymlarynyň arasyndaky aragatnaşyklary giňeltmäge hem-de yzygiderli media mazmunynyň (kontentiň) alşylmagyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Gazanylan ylalaşyklaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi hökmünde sebitiň esasy wakalaryny beýan edýän «Silk Way» hem-de kino sungatyna ýöriteleşen «Silk Way Cinema» atly Gazagystanyň halkara teleýaýlymlary Türkmenistanyň ýaýlym toruna goşular.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info