«Wildberries» egin-eşikleri satyn almazdan öň wirtual geýip görmek hyzmatyny hödürledi

MilliInfo

4 Sentýabr, 2025

«Wildberries» egin-eşikleri satyn almazdan öň wirtual geýip görmek hyzmatyny hödürledi

«Wildberries» bilen «Russ» kompaniýasynyň bilelikde taýýarlan täze wirtual eşik geýip görmek synag funksiýasy «Wildberries» söwdä platformasynyň mobil goşundysynda elýeterli boldy.

Täze hyzmat – «Müşderi synagy» ulanyjylara egin-eşigiň öz bedenlerinde nähili durýandygyny öňünden görmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin ulanyjy, diňe bir suraty ýükläp ýa-da smartfonyň kamerasynyň üsti bilen şol wagtda düşürip, özüne nähili gelişýändigini synlap biler.

Bu taslama barada Wildberries kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Tatýana Kim Gündogar Ykdysady Forumynyň dowamyndaky çykyşynda belläp geçdi .

Ulanyjy suraty ýükländen soň, ýörite emeli aň ulgamy we kompýuter arkaly görüş tehnologiýalary adamyň beden gurluşyny seljerip, saýlanan egin-eşigiň şekili ulanyjynyň suratynyň üstünde takyk ýerleşdirilýär.

Bu täze tehnologiýa onlaýn söwdada has dogry we ygtybarly karar kabul etmäge ýardam bermegi maksat edinýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info