Ozal habar berşimizi ýaly, döwlet Baştutuanymyzyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäginde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew teleköpri arkaly «Daşoguz — Şawat» bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň işe giriziliş dabarasyna gatnaşdylar.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazardurdy Agahanow bilen Özbegistanyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow bu zolagyň işine degişli amaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň ösüşine, milli önümçiligiň öňe sürülmegine hem-de serhediň iki tarapynda telekeçiligi goldamaga gönükdirilen bilelikdäki söwda merkeziniň işiniň hukuk şertleri boýunça ylalaşyk gazandylar.
Merkeziň umumy meýdany 6 gektara barabar bolup, her ýurduň çägine onuň 3 gektary degişli. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda bu giňişligi halkara ylalaşygynyň esasynda has-da giňeltmek mümkinçiligi hem bar. Şunlukda, iki ýurduň raýatlary wizasyz girip-çykyp bilerler.
Zolagyň açylmagy türkmen we özbek telekeçilerine umumy infrastruktura hem-de ýönekeýleşdirilen düzgünler arkaly erkin söwda etmek mümkinçiligini döredýär.
Daşkentde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesi boýunça zolagyň işläp durmagyny kadalaşdyrýan hökümetara ylalaşyga gol çekildi.






