Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy (CAFA) bilen bilelikde guramagynda VAR (Video Assistant Referee) ulgamyny giňişleýin özleşdirmek bilen bagly halkara okuw maslahaty geçirilýär.
Paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda badalga alan bu okuw maslahatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden 30 töweregi ýerli emin gatnaşýar. Okuw maslahaty 8-nji fewrala çenli dowam eder.
Okuw maslahatyny VAR ulgamy boýunça CAFA-nyň instruktory, Özbegistan Respublikasynyň wekili Jahangir Saidow alyp barýar. Oňa bu ugurda ýerli instruktorlar Kakabaý Seýdow we Çarymyrat Gurbanow kömek edýär.
Gatnaşyjylar günüň birinji ýarymynda «Aşgabat» stadionynyň mejlisler zalynda geçirilýän nazaryýet sapaklaryna gatnaşýarlar. Sapaklaryň dowamynda VAR ulgamynyň işleýşi, wideoýazgylaryň üsti bilen oýun pursatlarynyň seljermesi, meýdanda ýüze çykýan ýagdaýlara laýyklykda kabul edilýän çözgütler, şeýle-de oýun wagty VAR ulgamynda işleýän eminleriň aýratynlykda alyp barýan işleriniň seljermesi giňişleýin öwrenilýär.
Günüň ikinji ýarymynda guralýan tejribe sapaklarynda bolsa nazaryýetde öwrenilen mysallar meýdanda amaly taýdan özleşdirilýär.
VAR ulgamy boýunça geçirilýän bu okuw maslahatyň üç tapgyrdan ybarat boljakdygyny bellemek gerek. Onuň häzirki wagtda geçirilýän birinji tapgyryny üstünlikli tamamlan eminlerimiz şu ýylyň tomus aýlarynda geçiriljek ikinji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik alarlar. Okuw maslahatynyň üçünji tapgyryny bolsa ýylyň ahyrynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölüminiň başlygy Çarymyrat Gurbanowyň bellemegine görä, okuw maslahatyny üstünlikli tamamlan eminlerimiz geljekde VAR ulgamy ulanmak arkaly geçirilýän halkara derejeli duşuşyklara gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.