Şu gün biz ulag serişdeleriniň eýeleriniň raýat jogapkärçiliginiň hökmany ätiýaçlandyrylmasy (ОСАГО) barada gürrüň bereris.
Bu ätiýaçlandyryşyň görnüşi bolup, sürüjini hem-de ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylaryny goraýar. Ýol-ulag hadysasy bolan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş kompaniýasy ejir çekenleriň emlägine ýa-da saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolýar, netijede awtoulagyň eýesi uly möçberdäki puly öz jübüsinden tölemeli bolmaýar.
Ätiýaçlandyryş kompaniýasy ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň iki görnüşini hödürleýär:
1. Awtoulagy öňki ýagdaýyna çenli dikeltmek.
2. Ulagyň eýesine abatlaýyş çykdajylarynyň öwezini dolmak.
Ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň jogapkärçilik çägini (limitini) siziň özüňiz saýlaýarsyňyz. Maslahat berilýän iň pes çäk — 50 000 manatdan başlaýar.
Bu bolsa ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň abatlaýyş işleriniň ýa-da ejir çekenlere berilmeli tölegleriň öwezini görkezilen möçbere çenli doljakdygyny aňladýar.
Hereket edýän ulag serişdeleriniň eýeleriniň raýat jogapkärçiliginiň hökmany ätiýaçlandyrylmasy (ОСАГО) polisi diňe bir kanunyň talaplaryny berjaý etmek üçin däl, eýsem, siziň maliýe goragyňyz üçin hem ähmiýetlidir: ol ýol-ulag hadysasy bolan ýagdaýynda garaşylmadyk uly çykdajylar barada alada etmezlige kömek edýär.
Bu ugurda işleýän bilermenler şulary ýatladýarlar: ätiýaçlandyryş polisiniň wagtynda resmileşdirilmegi we möhletiniň uzaldylmagy artykmaç çykdajylaryň öňüni almaga ýardam berýär.
Ünsli we jogapkärli boluň — ýoldaky howpsuzlyk sizden başlanýar.
Awtoulagyňyzy garaşylmadyk ýagdaýlardan, özüňizi bolsa çykdajylardan nähili goramalydygy barada giňişleýin maglumat almak üçin «Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasyna şu telefon belgileri arkaly jaň edip bilersiňiz: +99362203604 / 48-46-36 / 37
Galyberse-de, şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Garaşsyzlyk köçesi, 50-nji jaý.