«Türkmenistan» awiakompaniýasy Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 2-4-nji marty aralygynda aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlaryň togtadylýandygy barada habar berdi.
• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat
• Aşgabat — Jidda — Aşgabat
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.
Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylaryň awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin petekleri satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmalydygy maslahat berilýär. Şeýle-hem, turkmenistanairlines.tm web sahypasynda we onlaýn platformalarynda satyn alynan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtaryljakdygy barada habar berilýär.
Awiakompaniýa ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýar we ýagdaýa düşünýändikleri üçin müşderilerine minnetdarlyk bildirýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
1. Jidda:
• Telefon belgisi: +90 545 575 15 83
• Elektron salgy: ops@favorite-ias.com
2. Dubai şäheri:
• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08
• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com
3. Türkmenistan:
• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18
• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm