Hazar ylhamy we däp-dessurlaryň beýany: Medeniýet hepdeligi ýokary depginde dowam edýär

MilliInfo

16 sagat öň

Hazar ylhamy we däp-dessurlaryň beýany: Medeniýet hepdeligi ýokary depginde dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň üçünji gününde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşleri, halkymyzyň ruhy dünýäsi öz beýanyny tapýar.

24-nji iýunda ir bilen Medeniýet hepdeligine gatnaşýan döredijilik işgärleri Hazar deňzinde gämili gezelenç etdiler. Munuň özi soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel görnüşini we bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny, gojaman deňziň giňişliklerini synlamak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň köpöwüşginli çäreleri welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde ýurdumyzyň suratkeşleriniň «Sungat gözelligi — ylham çeşmesi» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň dürli ugurlar boýunça döreden eserleri bu ýerde guralan serginiň täsirli pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi. Sergä gatnaşyjylar özboluşly suratlary we amaly-haşam sungatynyň eserlerini synlap, çeper döredijilige gol beren döredijilik işgärleriniň zehininden dörän işleriň ýokary baha mynasypdygyny nygtadylar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşydaky medeni-sport toplumynda çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Balkan welaýatynyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Bagtyýar nesilleriň owazy» atly aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni dürli ugurlary öz içine alýan medeni-köpçülikleýin çärelere baý boldy. Hepdeligiň maksatnamasynda duşuşyklara we beýleki çärelere giň orun berildi. Ýurdumyzyň şahyrlarynyň deňziň kenarynda aýdyşyk görnüşindäki çykyşlary has-da täsirli boldy. Bu çäre döredijilik işgärleriniň göwnüni galkyndyryp, olary täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrdy.

Türkmen halkynyň köpasyrlyk medeniýeti we sungaty, bagşyçylyk däpleri jemgyýetde agzybirligiň we ruhy sazlaşygyň berkarar bolmagyny esasy ugur edinýär. Bagşy-sazandalaryň çykyşlarynda hut şu ugra degişli asylly ýörelgeler öz beýanyny tapdy. Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki Medeniýet öýünde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!» atly konserti hepdeligiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu ýerde türkmen halkynyň taryhyň dowamynda we häzirki döwürde hem netijeli ulanylýan milli saz gurallarynyň sergisi guraldy.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy giňden bellenilýän ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan aýdym-sazly dabaralar, tans we folklor toparlarynyň, teatr artistleriniň çykyşlary çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän teatrlar ajaýyp sahna eserleri bilen halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşýarlar. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda guralan «Şadyýan şahandazlar» atly döredijilik bäsleşiginiň jeminiň jemlenmegi taryhy pursatlaryň üstüni ýetirdi.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda halk teatrlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýerde «Ene wesýeti» atly sahna oýny görkezildi. Sahna eserine gatnaşýan artistler özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen janlandyryp, oýnuň örän täsirli bolmagy ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, hünär ussatlygyny görkezdiler.

Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Arkadagly Watanymyz — dillerde dessanymyz» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Medeniýet hepdeligi Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Konsert Medeniýet hepdeliginiň üçünji gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň döwrebap derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýan Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleri uly üstünlik bilen dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info