Türkmenistandaky Fransuz instituty sizi ýatdan çykmajak sazly agşama çagyrýar. 10-njy aprelde Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda meşhur fransuz pianinoçysy Kristin Fonlýupt ilkinji gezek Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş eder.
Bu çäre «Frankofoniýa – 2026» medeni maksatnamasynyň we pianinoçynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça gastrol saparynyň bir bölegi bolar.
Size fransuz sazynyň ruhuna gaplanan nepis maksatnama garaşýar: bu ýerde Klod Debýussiniň, Sesil Şaminadyň, Žorž Bizeniň, Mel Boniniň we Moris Raweliň eserleri — ylham berýän, haýran galdyrýan we Fransiýanyň kalbyna syýahata alyp gidýän sazlar ýaňlanar.
Ýerine ýetirijiniň zehini eýýäm bütin dünýäniň diňleýjilerini özüne bendi etdi, indi bolsa Aşgabadyň tomaşaçylaryna onuň ussatlygyna ýerinde göz ýetirmek üçin üýtgeşik mümkinçilik dörär.
Başlanýan wagty: 19:00.