Abu-Dabiniň welosipedçileri we türkmen ýygyndysy Aşgabatda bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär

MilliInfo

4 Awgust, 2026

Abu-Dabiniň welosipedçileri we türkmen ýygyndysy Aşgabatda bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär

Aşgabatda Abu-Dabiniň weloklubynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary geçirilýär. Çäre ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan meýilnamalara laýyklykda guraldy we 4—20-nji awgust aralygynda dowam eder.

Birleşen Arap Emirliklerinden (BAE) gelen toparyny klubyň ýolbaşçylary, tälimçiler düzümi, tehniki hünärmen we 24 sany türgen, jemi 28 adam düzýär. Myhmanlar paýtagtymyzyň «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşdirildi we türgenleşikleri Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda, şeýle hem şäheriň awtomobil ýollarynda geçýärler.

Türgenleriň şosse türgenleşikleri Atatürk, Arçabil, Köpetdag şaýollarynda we Gökdere jülgesiniň gözel künjeklerinde guraldy. Ýygnanyşyklaryň maksatnamasy 60-dan 150 kilometre çenli bolan dürli aralyklary öz içine alýar we türgenler okuw-türgenleşikleriň dowamynda jemi 1270 kilometre golaý ýoly welosipedli külterlärler.

Ýöriteleşdirilen welotrekde alty türgenleşik we üç sany okuw-usulyýet maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny we lukmançylyk kömegini üpjün etmek üçin degişli döwlet edaralary bilen utgaşykly amala aşyrylýar.

Abu-Dabiniň welokluby bilen Türkmenistanyň federasiýasynyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygy yzygiderli häsiýete eýe bolup, ol 2023-nji ýyldan bäri, şol sanda halkara ýaryşlaryna özara gatnaşmak arkaly üstünlikli ösdürilýär. Häzirki ýygnanyşyklara baş tälimçi Kakabaý Ataýewiň we onuň kömekçisi Igor Ýoldaşowyň ýolbaşçylygynda 15 sany türkmen welosipedçisi gatnaşýar.

Aşgabatdaky bilelikdäki taýýarlyk tamamlanansoň, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 28–30-njy awgust aralygynda geçiriljek trek ýaryşlary boýunça Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin Tailanda ugrar. Milli ýygyndy üçin möwsümiň esasy ýaryşy bolsa Ýaponiýada geçiriljek Aziýa oýunlary bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info