17-nji oktýabrda Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Wena sahypalary» atly konsert geçiriler. Agşamyň baý maksatnamasy diňleýjileri Ýewropanyň nepis saz däpleriniň we belent sungatynyň täsin dünýäsine aralaşdyrar.
Ýurdumyzyň at gazanan artisti, orkestriň çeper ýolbaşçy we baş dirižor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde dünýä mirasynyň dürdäneleri ýaňlanar.
Konsertiň maksatnamasynda:
Wolfgand Amadeý Mosart
Lýudwig wan Bethowen
Iogann Ştraus II
Frans fon Zuppe
Frans Legar
Bu sazly agşam paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna joşgunly täsirleri, ruhy sazlaşygy hem-de Wena nusgawy mekdebiniň we operettasynyň beýik kompozitorlarynyň ölmez-ýitmez eserlerinden lezzet almak pursadyny bagyşlar.
Habarlaşmak we petek sargyt etmek üçin telefonlar:
72-45-12, 26-69-17, 51-41-57
+993 (63) 46-71-77
+993 (64) 03-74-56
