Ýokary Kazyýet we UNFPA zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça trening geçirdi

MilliInfo

1 sagat öň

Ýokary Kazyýet we UNFPA zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça trening geçirdi

9-10-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen bilelikde Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýany (CEDAW) hukuk goraýjy edaralaryň işinde ulanmak meselelerine bagyşlanan iki günlük okuw seminaryny gurady.

BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Seminar UNFPA-nyň halkara hünärmeni Lori Mannyň onlaýn tertipde ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar Konwensiýany durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny, kemsitmezlik baradaky halkara hukuk standartlaryny we kazyýet ulgamynda gender stereotiplerini aradan aýyrmak usullaryny öwrendiler. Bu ýerde gender zorlugynyň öňüni almak, subutnama binýadyny toplamak, ejir çekenlere gönükdirilen çemeleşmeleri ornaşdyrmak, gender päsgelçiliklerini aradan aýyrmak we adalaty deň derejede üpjün etmek hem-de zähmet we saglygy goraýyş ulgamlarynda kemsitmelere garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu çäre Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň, CEDAW-iň Jemleýji belliklerini ýerine ýetirmek boýunça Ýol kartasynyň hem-de UNFPA bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arasyndaky bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info