Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň goýberiliş dabarasy boldy. Täze durmuş, zähmet ýoluna gadam basýan uçurymlar Esasy Kanunymyzyň hormatyna dikeldilen ajaýyp binanyň öňünde dabaraly ýagdaýda wepalylyk kasamyny kabul edip, halal ýaşamaga, zähmet çekmäge, okamaga, döretmäge, Watan goragynda sarsmaz gala bolup durmaga hemişe taýýardyklaryny mälim etdiler.
Esasy dabara başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýerleşýän heýkeline we hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdular. Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada nyzama düzülip taýýar boldular. Bu meýdança uçurymlara serkerdelik şahsyýetnamalarynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ajaýyp gün ykbalyny berkarar Watanymyzyň goragyna bagyşlaýan ýaş serkerdeleriň hakydasynda hemişelik galar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra dabaraly ýagdaýda uçurymlara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.
Kalby ata Watana buýsanç duýgusyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler.
Dabaraly çäreler Aýratyn hormat garawuly polkunyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlary, edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi. Munuň özi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýyp, Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň ruhubelentligini has-da artdyrdy.
Bu waka mynasybetli geçirilen dabara ýapyk diýlip yglan edilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet kasamy ýerine ýetirildi.
