Witebskide geçirilen «Slawýan bazary – 2026» halkara sungat festiwalynyň iň täsirli pursatlarynyň biri Türkmenistandan gelen zehinli aýdymçy Şirin Jumaýewanyň çykyşy boldy.
Abraýly aýdym bäsleşiginiň çäklerinde Şirin rowaýata öwrülen «Ветер перемен» («Özgerişler şemaly») kompozisiýasyny emin agzalaryna we tomaşaçylara hödürledi. Bu çuňňur we simwoliki manyly aýdymyň saýlanyp alynmagy diňleýjileri biparh galdyrmady. Şirin Jumaýewa diňe bir özüniň wokaldaky ussatlygy we ýerine ýetirijilik ukyby bilen däl, eýsem, bu baky aýdymyň manysyny ýetirmegi we mähirliligi bilen bütin zaly tolgundyrdy.
Onuň çykyşy meşhur hitiň özboluşly we inçelik bilen täzeçe beýan edilmeginiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. «Slawýan bazary» ýaly giň gerimli halkara forumyna gatnaşmak türkmenistanly ýaş aýdymçynyň döredijilik ýolunda möhüm ädim bolup, onuň öz ýurdunyň medeniýetini uly sahnada mynasyp tanyşdyrmagyna mümkinçilik döretdi.
Şirin Jumaýewa Witebskidäki çykyşy bilen sazyň serhetleri bilmeýändigini, «Özgerişler şemalynyň» bolsa hemişe özünde umytlary göterýändigini ýene bir gezek subut etdi.
