Meşhur aktýor Win Dizel «Riddik: Furiýa» filminiň düşürilişinden surat paýlaşdy. Ýeri gelende bellesek, munuň özi meşhur film toplumynyň dördünji bölümi bolar. Suratda baş gahrymanyň meşhur gara äýnegi bilen özboluşly nusgawy keşbi görkezilýär. Şeýle-de suratyň arka tarapynda gaýalar ýatladýan gurşaw görünýär — belki-de, bu ýer gahrymanyň dogduk planetasy bolan Furiýanyň görnüşidir.
Filmiň dördünji bölüminiň wakalary Riddigiň öz dogduk planetasyna — Furiýa gaýdyp gelmegi bilen baglanyşykly başdangeçirmelerden ybaratdyr. Baş gahryman «Riddigiň wakalary» filmindäki başdangeçirmelerden soň öýüne dolananda, Nekromongerleriň galdyran harabalyklary bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Ýöne bu ýerden diri galan furiýalylar tapylýar — olar täze duşman bilen göreşýärler. Riddik bolsa geň galdyryjy bir zady bilýär: bu käbir watandaşlarynyň oňa örän meňzeýändigidir.
«Furiýa» filminiň režissýory we senariýesiniň awtory öňki filmleri döreden Dewid Tui bolar («Çuňluk» filmi). Baş keşbi ýene-de Win Dizel ýerine ýetirer, beýleki aktýorlar düzümi barada bolsa heniz maglumat ýok. Şeýle hem filmiň görkeziljek senesi entek yglan edilmedi.
Häzirki wagtda Win Dizel birnäçe taslama boýunça işleýär. Ol täze suratynyň teswirinde beýleki işleri barada hem belläp geçdi. Şol filmleriň sanawynda «Forsaž 11», «Soňky arwah awçysy» sahnasynyň bir bölümi bolan «Kaulderiň wadalary», «X-leriň üçlügi» taslamasynyň dördünji bölümi (wakalar Mumbaýda bolup geçer) hem-de «Tokaý şasy» ýaly kinolar bellenilýär.

