Winisius «Barselona» bilen geçiriljek oýunda «Reala» kömek edip bilmez

MilliInfo

21 sagat öň

Winisius «Barselona» bilen geçiriljek oýunda «Reala» kömek edip bilmez

Ispaniýanyň Korollyk futbol federasiýasynyň (RFEF) Düzgün-nyzam komiteti «Real Madridiň» hüjümçi Winisiusa berlen dört oýunlyk çäklendirmäni aýyrmak bilen bagly ýüztutmasyny kanagatlandyrmady.

Hüjümçi «La Liganyň» sekizinji tapgyrynda «Wilýarreal» bilen geçirilen duşuşykda (1:0) meýdançadan çykarylypdy.

Winisius garşydaşynyň saçyndan tutandygy üçin iki oýun, emin bilen jedelleşip, onuň kararlaryna nägilelik bildirendigi üçin bolsa ýene iki duşuşyk diskwalifikasiýa edildi.

«Real Madrid» berlen jezanyň ýatyrylmagyny ýa-da iň bolmanda ýeňilleşdirilmegini talap edip, şikaýat bilen ýüz tutupdy. Emma Arbitraž komiteti bu şikaýaty hem kanagatlandyrmady.

Şeýlelikde, Winisius «La Liganyň» öňde boljak «Sewilýa», «Barselona», «Rasing» we «Walensiýa» toparlaryna garşy duşuşyklaryny göýberer.

Madridiň «Realy» bilen «Barselonanyň» arasyndaky duşuşyk 26-njy oktýabra geçilýän gije bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info