Türkmenistanyň sungaty dünýäniň sanly giňişligine çykýar. Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny we daşary ýurtly myhmanlary rowaýata öwrülen ganatly bedewler hem-de mähriban Diýarymyzyň mähri baradaky hekaýalary janlandyrýan täze onlaýn-sergiler boýunça wirtual syýahata çagyrýar.
Muzeý gözellik muşdaklaryna milli sungat dünýäsine täze sanly ekspozisiýalar arkaly aralaşmagy teklip edýär:
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» — syratly ahalteke bedewlerine bagyşlanan giň göwrümli wirtual taslama. Bu ýygyndyda türkmen halkynyň esasy nyşany we buýsanjy bolan «asman atlarynyň» asyllylygyny hem-de mertebesini açyp görkezýän nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk eserleri jemlenendir.
Niýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan şahsy sergi — Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäriniň döredijilik dünýäsi. Onuň realistik eserleri mähir we watansöýüjilik duýgularyna ýugrulandyr: bu ýerde onuň meşhur zamanadaşlarynyň täsirli portretlerinden başlap, bagşylaryň aýdymyny, dutaryň owazyny we adaty myhmansöýerligi suratlandyrýan durmuş sahypalaryna çenli synlamak bolýar.
Döwrebap 3D-panoramalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde wirtual tomaşaçylar zallaryň içinde erkin hereket edip, her bir eksponaty jikme-jik synlap we eserleriň dörediliş taryhy baradaky giňişleýin maglumatlar bilen tanşyp bilýärler. Muzeýiň hünärmenleri sanly formatyň diňe bir dünýä galereýalary bilen halkara gatnaşyklaryny giňeltmän, eýsem, dünýäniň islendik nokadyndaky tomaşaçylar üçin türkmen medeniýetiniň baýlyklaryna elýeterliligi üpjün edýändigini aýratyn belleýärler.
Sergileri görmek üçin muzeýiň resmi saýtyna girip, sanly platformada ýönekeý hasaba alyşdan geçmek ýeterlikdir.
