Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýeti ýurdumyzda saparda bolýar

MilliInfo

2 sagat öň

15-nji aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzda saparda bolýan Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

...Ir bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşygy boldy. Soňky ýyllarda dünýä giňişliginde adaty däl lukmançylyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Hytaýyň müňýyllyklardan gözbaş alýan lukmançylyk tejribesi bilen Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklere baý tebigy şertleriniň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetlidigine üns berildi. Munuň özi häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň we köpasyrlyk tejribeleriň işjeň özleşdirilmegine giň ýol açýar.

Tan Çžişu türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Soňra bu ýerde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

Dabara gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli maglumatlardan ybarat bolan sergini synladylar. Onda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklere degişli maglumatlar, ýurdumyzyň şypahanalarynyň mümkinçilikleri, dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň görnüşleri görkezilýär.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi. Milli lukmançylyk ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy ýokary okuw mekdebiniň aýdym-saz toparynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Şunda saglygy goraýyş we bilim ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan asylly işleri amala aşyrýar. Gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna-da ynsanperwerlik ýükleri ugradylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezleriniň işi talabalaýyk ýola goýuldy. Olarda hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň binasynda Adaty däl lukmançylyk otagy açylýar. Munuň özi ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy babatda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Soňra şanly wakanyň hormatyna guralan dabara ýokary okuw mekdebiniň uly mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde iki bilim ojagynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmaga mynasyp goşandy nazara alnyp, Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady dakmak baradaky çözgüt beýan edildi.

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ylmy derejäniň berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini we bu derejäni tutuş hytaý lukmançylygyna bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini nygtap, munuň üçin lukman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.

Dabara gatnaşyjylar Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektoryny mynasyp bolan derejesi bilen gutladylar hem-de bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info