20-21-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky milli wekiliýet Yrak Respublikasynyň Bagdat şäherinde saparda boldy.
Saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, yrak tarapyna bolsa ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler we ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň şertnamalaryň hukuk binýadynyň ýagdaýyna we ony giňeltmek barada hem pikir alşyldy.
Bu ýerde iki ýurduň arasynda parlamentara dostluk toparlaryny döretmek we bellenen ugurda özara gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Taraplar türkmen-yrak dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassykladylar.
***
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yrak Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Yragyň Söwda palatalar federasiýasynyň başlygy Abdul Razzak Al-Zuhaýriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine seredildi we bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň işewürleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, Türkmenistanda we Yrak Respublikasynda geçirilýän halkara ykdysady forumlara, sergilere we işewür duşuşyklara iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

