Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Niderlandlar Patyşalygyna sapary: ahalteke bedewleri dünýäniň üns merkezinde

MilliInfo
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Niderlandlar Patyşalygyna sapary: ahalteke bedewleri dünýäniň üns merkezinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

...Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Düsseldorf halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Germaniýanyň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerden ugrady we birnäçe wagtdan Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň atly ýigitleriniň ugratmagynda «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň binasyna bardy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň geçirilmegi, oňa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň bütin dünýäde şöhratynyň artdyrylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, çykyş etmek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat bilen söz berdi.

«Bu gün biziň ählimiz örän ajaýyp wakanyň şaýatlary bolup durýarys. Birnäçe günläp Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň bütindünýä paýtagtyna öwrüldi. Bu wakalar ahalteke atlary boýunça ähli ussatlaryň, olary ýetişdirýänleriň, barlagçylaryň we hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara bileleşikleriň üns merkezinde boldy» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Milli Liderimiziň çuň mazmuna ýugrulan çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra mejlisi alyp barmak türkmen halkynyň Milli Liderinden haýyş edildi.

Bu ýerde Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasynda ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan adamlara hemişe ýokary baha berilýändigini we olaryň ykrar edilýändigini aýtdy. Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň arasynda şeýle uly dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek geçirilýändigini belläp, şu taryhy waka bilen baglylykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Gahryman Arkadagymyzy «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy we bu sylaglary Milli Liderimize gowşurdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz «Iň owadan bezelen at» bäsleşiginiň geçirilýän ýerine geldi. Gözellik bäsleşiginde eminler tarapyndan gelnen çözgüde görä, dünýä çempionatynyň ýeňijisi yglan edildi. Meýdança Fransiýadan gelen A.Martinesiň hojalygyna degişli Ýyndam atly gara reňkli at çykaryldy. «Absolýut çempion» diýen ada eýe bolan bu aty uly şowhun bilen garşyladylar we onuň şanyna dürli älemgoşar öwüşginli ajaýyplyklar emele geldi.

Soňra «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň «Maya delorez» meýdançasynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem-de konsert guraldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly şowhun bilen garşylanyldy.

Dabarada Gahryman Arkadagymyza uly hormat bilen söz berildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, ýaryşyň ýeňijisine baş baýragyň — «Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony» diýen «Gran-pri» baýragynyň gowşurylýandygyny aýdyp, bu ajaýyp we owadan bedewiň eýesini şeýle ajaýyp ýeňiş bilen gutlady.

Soňra bäsleşigiň netijeleri jemlendi.

«Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony — 2026» atly bäsleşigiň ýeňijisi dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň ýeňijisi, «Absolýut çempion» diýen ada we «Dünýä çempiony» baýragyna Fransiýadan A.Martinesiň Ýyndam diýen gara reňkli aty mynasyp boldy.

Ýeňijä Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň adyndan iň häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. A.Martines awtoulagyň açaryny ýüzüne sylyp kabul etdi. Türkmen halkynyň asylly däbine laýyklykda, täze awtoulaga un sepildi hem-de alaja daňyldy.

«Ýaş atlaryň çempiony» atly bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen bedewi ýeňiji boldy. Bu bedew 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

«Ýewropanyň iň gowy bedewi» bäsleşiginde bu ada Fransiýa Respublikasyndan hususy atşynas A.Beýliniň Agana Şael diýen aty mynasyp boldy. Ýeňijä 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.

«Iň owadan bezelen at» atly bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan mele reňkli Toýly atly bedew ýeňiji boldy we 5 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.

Soňra ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi.

1 we 2 ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Jerengözli diýen bedew ýeňiji diýlip yglan edildi we bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.

3 ýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at ýeňiji bolmagy başardy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

3 we 4 ýaşar bedewleriň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi adyna fransiýaly S.Plaýiniň hojalygyna degişli Ming-de-Ahal atly at mynasyp boldy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.

5 we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Ukrainadan B.Mamelekowyň hojalygyna degişli Ýagşyja — Owadan atly bedew ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

Atyň owadan hereketi üçin (dressaž) bäsleşiginde ukrainaly atşynas Liliýanyň Bady-Saba diýen aty ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

Konkur bäsleşiginde bolsa Türkmenistanyň Milli atly sport merkeziniň türgeni Yhlas Çopanow ýeňiji boldy. Ýeňijä 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.

Soňra ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde heýkeltaraşlaryň, nakgaşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň we fotosuratçylaryň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp etmek boýunça halkara döredijilik bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.

Atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy P.Patdykow ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Atlaryň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy A.Atahanow ýeňiji diýlip yglan edildi. Ol 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy.

Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň esasy hünärmeni O.Amanjaýewa ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Atlaryň gözelligini fotosurat eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi ukrainaly fotosuratçy W.Osowskiý boldy. Oňa 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Atlary şaý-sepler bilen bezemek boýunça zergärçilik eserleriniň arasynda bäsleşigiň ýeňijisi Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy A.Sähedow boldy. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly baýrak bilen sylaglanyldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyza Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlugyň, özara hormatyň nyşany hökmünde friz tohumly at sowgat berildi.

Baýraklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli konsert guraldy. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Feýerwerkleriň we dron şüweleňleri dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.

Biraz wagtdan Milli Liderimiz Germaniýanyň Düsseldorf şäherine geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info