Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary tamamlandy

MilliInfo

...Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelende, dostlukly ýurduň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi. Nygtalyşy ýaly, sporty we dynç alşy özünde jemleýän golf meýdançalary ekologik ýagdaýyň durnukly saklanmagynda, bu ugur boýunça täzeçil çözgütleriň kabul edilmeginde wajyp şert hökmünde ykrar edilendir.

Milli Liderimiz dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan «Nicklaus Companies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny, Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Aşgabatda gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň şeýle merkezleriň gurulmagy bilen bagly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyna ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan kompaniýanyň ýolbaşçysy dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de Jon Riz Milli Liderimizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirjekdigini belledi hem-de «Nicklaus Companies» kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen tanyşlykdan soňra, «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ilerletmekde wajyp ähmiýeti bolan duşuşyklary yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Nygtalyşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case» «Nicklaus Companies» ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz hem-de Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Panther» milli golf klubuna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy hem-de golf klubunyň wekilleri meýdançalaryň gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda-da golf bilen köpçülikleýin meşgullanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyz «Sandhill Crane Golf Club» okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy. 1992-nji ýylda açylan bu merkez häzirki wagtda gelim-gidimli ýerleriň biri bolup durýar. Bu ýerde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dokma senagatyna degişli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda arassa nah ýüplüklerden taýýarlanan sport lybaslarynyň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilen, «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly harytlara möhüm orun berildi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri «La Victoria» atçylyk toplumyna bardy. Bu toplum atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan, athanalardan, türgenleşik meýdançasyndan, suw çüwdürimli kölden we beýleki ugurdaş desgalardan ybarat. Onda athanada saklanýan atlar üçin ýataklar, atlaryň seýislenilýän ýerleri, ýapyk manež, at eýerlerini we beýleki esbaplaryny saklamaga niýetlenen otaglar bar. Şeýle hem açyk meýdanda atlary suwa ýakmak üçin ýer döredilipdir.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde ýurduň tanymal syýasatşynaslary, işewürleri bilen duşuşdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, «Oxbow Group» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar.

Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny, köp sanly amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýandyklaryny, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän özara hereketleri pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Işewürler işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň «John Deere Walldorf International GmbH» kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy.

Çaba Leýko bu duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyza Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda oba hojalygy boýunça gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, «John Deere» kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň uzak möhletli häsiýete eýedigine üns berildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Işjeň gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde kompaniýanyň Türkmenistana iberýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan üçin ýokary bilimli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegi üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bu kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň müňlerçesi ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we «John Deere» kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşyp, gepleşikleriň dowamynda maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler barada pikir alyşdy.

Jon Riz Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň ýokary derejede geçendigini hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.

Milli Liderimiz amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalarynyň ähmiýetlidigine ünsi çekip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, şunda Türkmenistanyň özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Jon Riz Milli Liderimiz bilen bolan duşuşykdan soňra, Türkmenistanda golf meýdançasyny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki sany meýdançany öz içine alar.

Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýändigi bellenildi. Munuň özi bu ugur boýunça gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine çykmagyny üpjün eder. Mälim bolşy ýaly, «Nicklaus Companies» kompaniýasy 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda dünýä derejeli golf meýdançalarynyň 450-den gowragyny gurdy. Olar ABŞ-nyň ştatlarynyň 40-synda, ýurtlaryň 50-sinde işjeň hereket edýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz we Jon Riz geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýdyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bu duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden ugrady. Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahaty hormatly Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi. Onda 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýewropa ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem ilçi behişdi bedewlerimizi wagyz etmek, ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 11 — 23-nji awgusty aralygynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynda boljak ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine, Fransiýada, Beýik Britaniýada geçiriljek at bilen bagly çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. «Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen atçylyk toplumlary, aýlawlar, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleri çapyşyklara taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär» diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Umuman, Milli Liderimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygynyň aýdyň güwäsidir. Bu saparyň jemleri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info