«Arkadag» — «Goa» futbol duşuşygyna giriş tölegsiz bolar

MilliInfo

1 sagat öň

«Arkadag» — «Goa» futbol duşuşygyna giriş tölegsiz bolar

Türkmen janköýerleri üçin ajaýyp mümkinçilik! 12-nji awgustda «Arkadag» futbol kluby Hindistanyň «Goa» kluby bilen möhüm duşuşyk geçirer.

Oýun «Arkadag» stadionynda bolar. Başlanýan wagty 20:00. Giriş tölegsiz. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Bu duşuşygyň ýeňijisi AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar. Asgyn gelen topar bolsa möwsümi AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda dowam etdirer.

Geliñ, türkmen toparymyzy bilelikde goldalyň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info