Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

MilliInfo
Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «TDH» habar berdi.

Rus lideri öz hatynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygyda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýandygyny belledi. Wladimir Putin ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň ýokary ähmiýete eýedigini nygtady:

«Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris».

Mundan başga-da, Prezident Wladimir Putin Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirjekdigine ynam bildirdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info