Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki uly goşandyny belledi

MilliInfo

22 Sentýabr, 2025

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.

— Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir we Siz onuň ösdürilmegine uly goşant goşýarsyňyz. Biz dostlukly halklarymyzyň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara meseleler boýunça bilelikdäki işimizi dowam etdireris.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin — diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo