Türkmenistanyň basketbolçylarynyň we tälimçileriniň dykkatyna!

MilliInfo

22 sagat öň

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy (TBF) Serbiýanyň Kraguýewas şäherinde geçiriljek XVI «Cross Over» halkara basketbol lagerine gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilýändigini yglan edýär.

Bu Ýewropanyň öňdebaryjy hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda ussatlyk derejäňizi ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Lageriň ýolbaşçysy — professor, doktor Nenad Truniç bolup, ol FIBA-nyň hereket edýän instruktory we basketbolyň binýatlyk esaslary boýunça dünýäniň iň gowy hünärmenleriniň biridir.

​Lageriň tapgyrlary:

  • 1-nji tapgyr: 28-nji iýul – 4-nji awgust

  • 2-nji tapgyr: 5-nji awgust – 12-nji awgust

  • 3-nji tapgyr: 13-nji awgust – 20-nji awgust

Lageriň maksatnamasy:

  • Serbiýanyň ýokary ygtyýarnamaly («gyzyl ygtyýarnama») tälimçilerinden günde iki wagtyna intensiw türgenleşik.

  • Agşamky ýaryşlar («Skill Challenge», urgular boýunça bäsleşikler, 1х1).

  • Lageriň soňky 3 gününde — ýaş aýratynlyklaryna görä düzülen halkara toparlarda 5х5 görnüşdäki doly göwrümli oýunlar.

 Lagerdäki türgenleşiklere oglanlar bilen deň derejede gyzlar hem çagyrylýar.

Bahasy we şertleri:

Bahasy: Bir adam üçin 420 ýewro.

Baha şulary öz içine alýar: ähli şertleri bolan internatda ýaşamak (2-3 adamlyk otaglar), günde üç wagtyna nahar (islege görä halal menýu mümkinçiligi hem bar), Belgrad şäheriniň howa menzilinden (aeroportyndan) eltip-getirmek (transfer), sport lybaslary (şortlar, jersi, köýnekçe), akwaparka gezelenç.

Maliýeleşdirme: Ähli çykdajylar (şol sanda uçar biletleri we lageriň tölegi) gatnaşyjylaryň öz hasabyna amala aşyrylýar.

Howpsuzlyk we lukmançylyk gözegçiligi guramaçylar tarapyndan kepillendirilýär.

Arza bermek üçin: Türkmenistanyň Basketbol federasiýasyna (TBF) ýüz tutmaly.

Elektron poçta: b.ibragimov@tkm.basketball

Telefon: +993 65 601658

Ýerleriň sany çäklidir!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info