5-nji iýulda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Munuň özi Watanymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi.
Soňra Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi.
Häzirki döwürde ganatly bedewleriň taryhy şöhraty gaýtadan dikeldilýär. Türkmen çapyksuwarlary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän atçylyk sporty boýunça ýaryşlara, halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri milli atçylyk sportunyň we atçylyk sirk sungatynyň dünýäde giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.
Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylyň aprel aýynda düşürilen, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezildi. Olardan görnüşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Miras atly mele bedewe atlanyp, dabaranyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlaýar. Bu ýerde guralan ak öýleriň ýanynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şol günki çäräniň bezegine öwrülipdi.
Türkmen halkynyň maşgala dessurlarynyň çuňňur manysy bar. Çünki bu ýörelge nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy emele getirip, durmuş joşgunlylygyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu ýerde guralan dabaralarda degişmeler, şatlyk-şowhun esasy orunda boldy. Bu bolsa toýuň dabarasyny belende göterip, oňa gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşdy.
Soňra dabaraly mejlis «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler.
Dabaraly mejlisiň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini wasp etmek, milli atşynaslyk ýörelgelerine degişli sungat eserlerini döretmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändikleri bellenildi.
Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlarda bedew waspyna aýratyn orun berildi. Şöhratly pederlerimiziň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny giňden wagyz etmek sungat ussatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän günlerde ahalteke bedewlerini wasp edýän sungat eserleri baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirýär.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen, gözelligiň we ýyndamlygyň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýän behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhraty belende göterilýär. Şunda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet ähmiýetli meseleleriň birine öwrüldi.
Ähli ugurlaryň kämil hünärmenler bilen üpjünçiligi döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň çuňňur öwrenilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa milli atşynaslyk ýörelgeleriniň, atçylyk sportunyň ähli görnüşleriniň ilerledilmegine-de kuwwatly itergi berýär.
Dabaranyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlarynyň wideoýazgysynyň görkezilmeginiň ähmiýetli bolandygy bellenildi. Halkymyzyň taryhy ykbaly, durmuşy bedewler bilen bagly bolupdyr. Şeýle asylly ýörelgeleriň bagtyýar zamananyň nesilleriniň yhlasy bilen dowam etdirilmeginde çuňňur many bar.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlis sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belli estrada ýyldyzlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Artistleriň, bagşy-sazandalaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» atly aýdymynyň ýaňlanmagy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
