Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

MilliInfo

24 Awgust, 2026

Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaş bagşy-sazandalaryň bäsleşigine tomaşa etmäge medeniýet we sungat ulgamynyň köp sanly işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary ýygnandylar. Olar döwlet Baştutanymyzyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

«Çary Täçmämmedow, Jepbar Hansähedow, Çary Gurbanow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Hommat Jelilow, Dörtguly Durdyýew, Hojamyrat Öräýew, Bally Mätgeldiýew, Patyşaguly Girmanow, Gaýgysyz Çaryýew, Döwletgeldi Ökdirow, Nurýagdy Baýramow, Allaberdi Ataýew, Gurbandurdy Öwezow, Parahat Şyhymow ýaly ussatlardan miras galan aýdym-sazlar bu gün ýaş dutarçy bagşy-sazandalar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi. Siz juwan kalbyňyzda gaýnap duran tebigy zehiniňiz, yhlasyňyz we sungata söýgiňiz bilen ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazlary döretmelisiňiz, türkmen bagşyçylyk sungatyny has-da ösdürmelisiňiz!» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär.

Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Onuň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýokary ussatlyk bilen çalnan halk sazlarynda halkymyzyň geçen taryhy ýoly öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalaryň milli sazlary, halk aýdymlaryny Diýarymyzyň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşige köpöwüşginli äheň berdi.

Soňra bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlaryna orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini, onuň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewlerini wasp edýän çykyşlar öz beýanyny tapdy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom, altyn zynjyr bilen sylaglanyldy. Şeýle-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijileri milli bagşyçylyk we dutarda saz çalmak medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmekde yhlasyny, döredijilik zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info