«D» derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjiler işe çagyrylýar

MilliInfo

2 sagat öň

«D» derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjiler işe çagyrylýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy sürüjileri işe almak boýunça resminamalary kabul edip başlady. Boş iş orunlary «Hyundai» we «Yutong» kysymly şäher awtobuslaryny dolandyrjak hünärmenler üçin niýetlenendir.

Dalaşgärler «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolmalydyr. Kärhana bu talaby ýerine ýetirýän raýatlaryň arzalaryna sereder we degişli saýlama işlerini geçirer.

Işe kabul edilýän dalaşgärler üçin ýaşaýan ýeri boýunça hiç hili çäklendirme göz öňünde tutulmaýar. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden raýatlar bu iş orunlaryna dalaşgär bolup bilerler.

Goşmaça maglumat almak ýa-da resminamalary tabşyrmak bilen bagly sowallar boýunça gyzyklanýanlar 44-33-94, 44-33-52 hem-de 44-33-49 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info