Awgustyň başynda — döredilen gününden 25 ýyl soň «Volkswagen Touareg» krossoweriniň önümçiliginiň bes ediljekdigi mälim edilipdi.
«Automobilwoche» neşiriniň habarynda bolsa «Volkswagen» brendiniň bu modeliniň onýyllygyň ahyrynda gaýdyp geljekdigi aýdylýar. Şunlukda, täze platformanyň binýadynda dörediljek ilkinji elektrokar «ID. Touareg» bolar.
Däbe görä, adaty ýangyç bilen işleýän «Touareg» modelleri «Porsche Cayenne» bilen umumy platformany paýlaşýardy. Şeýle-de bolsa, «Porsche» brendiniň krossoweri eýýäm synagdan geçirilip başlanan elektrik nusgasyny alar. «PPE» platformasynda gurulýan «Cayenne» modelinden tapawutlylykda, «Touareg» kysymy täze «SSP» arhitekturasynyň binýadynda öndüriler — bu platforma häzirki wagtda işlenip düzülýär.
Täze platformanyň hem-de onuň esasynda dörediljek elektrik ulaglarynyň taslamasyna Amerikanyň «Rivian» kompaniýasy işjeň gatnaşýar. Germaniýanyň awtoulag konserni bilen hyzmatdaşlykda «Rivian» geljekki modeller üçin häzirki zaman programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik çözgütleri hödürlär.
Ilkibaşda «SSP» platformasynyň ilkinji gezek «T-Roc» krossoweriniň batareýaly nusgasy bilen peýda bolmagy meýilleşdirilýärdi, ikinji model bolsa «Golf» elektrik ulagy bolmalydy. Emma dürli sebäplere görä, bu ulaglaryň çykarylyşy indiki onýyllygyň başyna süýşürildi.
Geljek ýyl «Volkswagen» elektrik ulaglarynyň hataryny has arzan bahaly modeller — «ID. Polo» we «ID. Cross» bilen giňelder: bu modelleriň käbir aýratynlyklary eýýäm aýdyňlaşdyryldy. Soňra bolsa «ID. Every1» konseptinde görkezilişi ýaly, has kiçi we elýeterli elektrik ulagynyň peýda bolmagyna garaşylýar.
Ozal «Volkswagen» kompaniýasynyň tygşytlylygy ýola goýmak maksady bilen, kompaniýanyň elektrik ulaglarynyň önümçiligini Ispaniýa geçirmegi meýilleşdirýändigini habar berlipdi.

