Rumyniýa bilen Türkmenistanyň konsullyk hyzmatdaşlygy bilen bagly meselelere seredildi

MilliInfo

11-nji fewralda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Anna Tinkanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Olar özara hormata we ynama esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini, şeýle hem syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Bu ýerde ykdysadyýet we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara we konsullyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar bar bolan gepleşikler mehanizmlerini ulanmagyň möhümdigini nygtadylar we olary has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Mundan başga-da, dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekili hem-de türkmen diplomaty köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parahatçylygy, howpsuzlygy hem durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info