Oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

Düýn — 13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda gowaça ekişi bellenen meýilnama laýyklykda dowam edip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk we sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkimler şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek hem-de ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär.

Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak, paýlanyp berlenlerine talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen, gorag zolaklaryny döretmek üçin arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmek üçin ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige öňdebaryjy tejribäniň, ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi we bu ugurdaky işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info