Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri üçin ehinokokkozyň öňüni almak, anyklamak we oňa garşy göreşmek boýunça okuw maslahatyny geçirdi.
Aşgabatda Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy goraýyş we iýmitleniş merkezinde geçirilen okuw maslahaty, Pandemiýa gaznasynyň «Bitewi saglyk» başlangyjynyň çäklerinde «Pandemiýalaryň öňüni almak, taýýarlyk we pandemiýalara garşy göreş» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuwyň maksady — adamyň we haýwanlaryň saglygy goraýyş pudaklaryny utgaşdyrýan «Bitewi saglyk» çemeleşmesi arkaly ehinokokkozyň öňüni almakda, anyklamakda we oňa garşy göreşmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini berkitmekden ybaratdyr.
Okuwlary FAO-nyň Gyrgyz Respublikasyndan bolan halkara geňeşçileri — Talgat Tursunow we Aýzat Arunowa geçirdi. Maksatnama iki pudagyň wekilleri üçin nazaryýet sapaklaryny we amaly maşklary öz içine aldy.
Bu okuw gatnaşyjylaryň sistaly we alweolýar ehinokokkozyň epidemiologiýasy hem-de gözegçiligi babatda bilimlerini giňeltdi, barlaghana anyklaýyş we biokowpsuzlyk endiklerini berkitdi, şeýle hem toplumlaýyn epidemiologik gözegçilik we maglumat alyşmak boýunça düşünjelerini gowulandyrdy. Mundan başga-da, ol saglygy goraýyş we weterinariýa pudaklarynyň arasyndaky pudagara hyzmatdaşlygyň berkemegine, sebit tejribesiniň alşylmagyna ýardam berdi hem-de geljekde ehinokokkozyň öňüni almak we gözegçilikde saklamak boýunça milli tagallalar üçin esas bolup biljek maslahatlaryň işlenip düzülmegini goldady.
Geçirilen okuw «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek we pudagara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly Türkmenistanyň zoonoz kesellerine bolan taýýarlygyny güýçlendirmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy.
