Rowaýaty golfçy Taýger Wuds uly sporta dolanýar. Şu hepde ol Kaliforniýada geçirilen ýaryşyň final tapgyryna gatnaşdy.
Taýger Wuds ýaşyň diňe bir sandan ybaratdygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Golfçy eýýäm 50 ýaşynda, emma ol ýaryş meýdançasynda heniz köp zada ukyplydygyny aýdýar. Käbir türgenler hünär derejesindäki sport ýoluny 30 ýaşynda tamamlaýan bolsa, beýlekiler 50 ýaşynda yzyna dolanýar. Rowaýaty golfçy ýaşynyň we oňurgasyna geçirilen ýedi sany operasiýanyň özi üçin bökdençlik däldigine ynanýar.
«Men ýene-de oýnuň içinde bolmak isleýärin. Bäsleşmegi söýýärin we muňa bar güýjümi sarp edýärin. Emma adam bedeni çylşyrymly düzülişe eýe, indi ol 20 ýa-da 25 ýaşymdakysy ýaly çalt dikelmeýär. Anyk kepillik berip bilmesem-de, geljek hepde geçiriljek «Masters» bäsleşigine gatnaşmaga synanyşaryn. Men bu ýaryşa ilkinji gezek 19 ýaşymda gatnaşyp, ony tüýs ýüregimden söýüpdim. Nähili bolsa-da, men hökman bararyn» diýip, amerikan golfçysy Taýger Wuds belledi.
Käbirler 50 ýaşynda sport ýoluny täzeden başlamak synanyşygyny hyýaly bir zat hasaplap bilerler. Ýöne Taýger heniz hem sagdynlygyny saklaýar. Ol «TGL» ýaryşynda golf topuny anyk nyşana gönükdirip bilýändigini görkezdi. Şunda onuň güýçli urgusyndan soň topuň uçuş tizligi sagatda 270 kilometrden geçdi.
Onuň ýaşlyk ýyllarynda bu görkeziji sagatda 300 kilometre golaýlap, uzak wagtlap hiç kim bu sepgide ýetip bilmändi. Mundan başga-da, Wudsa başga-da birnäçe uly üstünlikler degişlidir.
Wuds taryhdaky iň beýik golfçylaryň biri bolup, 15 gezek «Meýjor» ýaryşlarynyň we 82 gezek «PGA» ýaryşlarynyň ýeňijisidir. Ol 620 hepdeden gowrak wagtlap dünýä reýtinginde birinji orny saklady. Şeýle-de, resmi taýdan eýelik edýän emlägi 1 milliard dollardan geçen ilkinji türgendir.