6-njy awgustyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýörite brifing geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen aýda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl belleniler.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn zerurlyklaryna hem-de meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmäge ýardam berjek bu şanly waka bilen hemmeleri gutlan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary hanym Rabab Fatima Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, öňde durýan wezipeleri çözmek üçin hyzmatdaşlyk köprülerini gurmaga hem-de bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu halkara güni ilkinji gezek bellemegiň biziň ýurdumyz üçin uly hormatdygyny aýtdy.
«Bu gün diňe bir şanly sene däldir. Ol okgunly hereket etmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografiýa taýdan uzakda ýerleşýändikleri hem-de deňze göni çykalganyň ýoklugy sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin päsgelçiliklerine ählumumy derejede düşünilmegini çuňlaşdyrmaga çagyryşdyr. Bu meseleler barada bilelikdäki sesimiziň has belent ýaňlanmagyna, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere dünýä ykdysadyýetine doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik berjek netijeli çözgütleri ilerletmäge hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga çagyryşdyr» diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.
Brifingde nygtalyşy ýaly, geografiýa hiç haçan päsgelçilik döretmeli däldir. Hut şol sebäpli hem Türkmenistan durnukly ösüşiň binýady hökmünde üstaşyr hyzmatdaşlyk, sebit goşulyşmagy we multimodal ulag arabaglanyşygy boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Biziň ýurdumyz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amatly şertleri döretmek üçin parahatçylyk dialogynyň, sebit durnuklylygynyň we köptaraplaýyn diplomatiýanyň möhümdigini üýtgewsiz nygtaýar.
2025-nji ýylda bellenilýän şanly seneler — BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bitaraplyk, parahatçylyk, dialog we raýdaşlyk ýaly biziň ählumumy tagallalarymyzyň üýtgewsiz gymmatlyklardygyny ýene bir gezek subut edýär.
Çykyş edenler durnukly ösüşiň, geografiýa taýdan ýerleşýän sebitine garamazdan, ähli ýurtlaryň ählumumy hukugy bolmalydygy baradaky pikiri beýan edip, yglan edilen bu halkara güni diňe bir habarlylyk üçin däl-de, has ýakyn köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere zerur bolan halkara goldawy we maýa goýumlary üpjün etmek üçin peýdalanmaga çagyrdylar.