Stadionda ýatdan çykarylan derwezeçi: Italiýada utulyşdan soň bolup geçen geň waka

MilliInfo

28 Ýanwar, 2026

Italiýanyň «Kremoneze» futbol klubynyň awtobusy oýundan soňra toparyň derwezeçisi Emil Auderony stadonda galdyryp gitdi. Bu barada «Sky Italia» habar berýär.

Italiýanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Kremoneze» myhmançylykda «Sassuolo» toparyndan 0:1 hasabynda asgyn geldi. Şol oýundan soňra garaşylmadyk hadysa ýüze çykdy.

«Kremonezeniň» esasy derwezeçisi duşuşyk tamamlanandan soňra žurnalistler bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin meýdançada biraz eglendi. Şol wagt bolsa toparyň beýleki agzalaryny jemlän awtobus eýýäm stadiondan ugrady. Netijede, 29 ýaşly derwezeçi Kremona şäherine klub tarapyndan berlen aýratyn awtoulagda dolanmaly boldy.

Italiýaly tejribeli derwezeçi şu möwsümde dürli ýaryşlaryň çäginde 19 duşuşyga gatnaşyp, öz derwezesinden 22 pökgi goýberdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info