Insaýder Sonni Dikson «iPhone 18 Pronyň» maketleriniň täze suratlaryny paýlaşdy.
Suratlarda «Apple» brendiniň geljekki flagmanlarynyň dört reňk görnüşi hem görkezilýär: kümüşsöw, gara, mawy we düýpgöter täze bolan goýy ülje (Dark Cherry) öwüşgini.
Insaýderiň ýazmagyna görä, hut şu goýy ülje reňk «iPhone 18 Pronyň» esasy wizual aýratynlygy bolmalydyr. Bu edil öňki «iPhone 17 Pro» modelinde mämişi (pyrtykal) reňkiň esasy aýratynlyga öwrülişi ýaly bolar.
Dürli maglumatlara görä, «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» modelleriniň tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirilýär. «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» modelleri gabarasynyň bitewi alýumin garyndysyndan ýasalmagyna hem-de kamera zolagynda «Ceramic Shield» goragy bilen üpjün edilmegine garaşylýar.
Smartfonlar has galyň bolar: «iPhone 18 Pro Max» modeliniň kamera çykyşy bilen bilelikdäki galyňlygy 13,77 mm-e ýeter (öňki modelde bu görkeziji 12,92 mm-di).
Sonni Dikson ozal «iPhone 12», «iPhone 13», «Apple Homepod», «iPhone 15», «iPhone 15 Pro» we «iPhone 17» modelleriniň hem takyk suratlaryny olaryň resmi taýdan çykmazyndan öň paýlaşypdy.