Türkmen diplomatiýasynyň täzelikleri smartfonyňyzda: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

MilliInfo

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam telefonlar üçin niýetlenen goşundysy işe girizildi.

Goşundy ulanyjylara gündelik täzelikler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň işi baradaky maglumatlar bilen tanyşmak, şeýle-de ýerli peýdalanyjylaryň konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobata durmagy bilen bagly mümkinçilikleri hödürleýär.

Ykjam telefonlar üçin niýetlenen mobil goşundy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli maglumatlaryň bir ýerde jemlenmegini üpjün etmek bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.

Goşundyny «Google Play» we «App Store» mobil dükanlaryndan tölegsiz esasda ýükläp alyp we peýdalanyp bolýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info