Mekdep bazary: «KIDS EXPO 2026» sergisinde 1-nji sentýabr mynasybetli giň gerimli ýarmarka açylar!

MilliInfo

14 Awgust, 2026

Mekdep bazary: «KIDS EXPO 2026» sergisinde 1-nji sentýabr mynasybetli giň gerimli ýarmarka açylar!

1-nji sentýabra çenli wagt barha azalýar — diýmek, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň wagty geldi!

«KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde ýörite mekdep ýarmarkasy guralar. Ol ene-atalara we çagalara mekdebe taýýarlygy gyzykly hem-de artykmaç aladasyz amala aşyrmaga kömek eder.

Bu ýerde täze okuw ýylynda okuwça gerek bolup biljek ähli harytlar: mekdep lybaslaryndan, sumkalaryndan we aýakgaplardan başlap, kanselýariýa harytlaryna, okuw gollanmalaryna, döredijilik üçin niýetlenen serişdelere hem-de beýleki peýdaly önümlere çenli hödürlener. Sergä gelýänler hödürlenýän harytlar bilen tanyşyp, özlerine amatly önümleri saýlap we göwnüne ýaran harytlaryny şol ýerde satyn alyp bilerler.

Iň esasy aýratynlyk bolsa, mekdebe taýýarlygyň diňe bir haryt satyn almak däl-de, eýsem, çagaňyz bilen bilelikde zat saýlamak üçin ajaýyp pursatdygyndadyr. Täze sumka, reňkli depderler, amatly esbaplar we okuw üçin zerur bolan ähli zatlar täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda çagalarda ýokary ruhybelentlik döretmäge ýardam eder.

«KIDS EXPO 2026» çagalar we ene-atalar üçin niýetlenen harytlary, ideýalary we çözgütleri bir meýdançada jemlär. Mekdep ýarmarkasy bolsa täze okuw ýylyny guramaçylykly, täze bilimlere hem-de açyşlara doly taýýarlykly başlamak üçin ajaýyp sebäp bolar.

«KIDS EXPO 2026» sergisine geliň — mekdebe bilelikde taýýarlanyň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info